Käbir ýyldyz oýunçylar düzüme alynmady

13

Dünýä futbolynyň öňdebaryjy toparlaryndan Angliýanyň milli ýygyndysynyň DK-2026-daky gutarnykly düzümi mälim edildi. Toparyň germaniýaly tälimçisi Tomas Tuhel yglan eden 26 futbolçylyk düzüme käbir ýyldyzlary çagyrmady. Çagyrylmadyklaryň arasynda Trent Aleksandr-Arnold, Harri Maguaýr, Ben Waýt ýaly goragçylar, möwsümiň soňky bölümini şowsuz geçiren Koul Palmer, munuň tersine möwsümi juda üstünlikli tamamlan Morgan Gibbs-Waýt, şol sanda Fil Foden, Jarrod Bowen dagy bar. Adatça APL-de oýnaýan oýunçylardan düzülýän Angliýanyň ýygyndysynda 5 futbolçy başga klublaryň köýnekçelerini geýýär.

Angliýanyň ýygyndysy “L” toparçada Horwatiýanyň, Gananyň hem-de Panamanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER

Jordan Pikford (Ewerton)

Din Henderson (Kristal Palas)

Jeýms Trafford (Mançester Siti)


GORAGÇYLAR

Jon Stounz (Mançester Siti)

Mark Gehi (Mançester Siti)

Ris Jeýms (Çelsi)

Ezro Konsa (Aston Willa)

Dan Börn (Nýukasl)

Tino Liwramento (Nýukasl)

Džed Spens (Tottenham)

Niko O’Raýli (Mançester Siti)

Jarell Kuansah (Baýer)


ÝARYMGORAGÇYLAR

Jordan Henderson (Brentford)

Deklan Raýs (Arsenal)

Jud Bellingam (Real Madrid)

Morgan Rojers (Aston Willa)

Kobbi Maýnu (Mançester Ýunaýted)

Elliot Anderson (Nottingam Forest)


HÜJÜMÇILER

Harri Keýn (Bawariýa)

Markus Reşford (Barselona)

Bukaýo Saka (Arsenal)

Olli Watkins (Aston Willa)

Antoni Gordon (Nýukasl)

Ebereçi Eze (Arsenal)

Noni Madueke (Arsenal)

Iwan Touni (Al-Ahli)