Germaniýanyň Kubogy (DFB-Pokal) ýaryşynda “Bawariýa” topary ýeňiş gazandy. Münhenliler paýtagt Berlindäki “Olympiastadion-da oýnalan we 74 müň 36 janköýeriň tomaşa eden finalynda kubogyň soňky eýesi “Ştutgartdan” 3-0 hasabynda üstün çykdy. “Bawariýa” ýeňiş getiren gollaryň 3-sini hem Harri Keýn geçirip, ol 55-nji, 80-nji hem-de 90+2-nji (p) minutlarda tapawutlandy. Şeýlelikde, çempionlykdan soň kubogy hem gazanan “Bawariýa” möwsümi goşa üstünlik bilen tamamlady. Kubogy soňky gezek 2026-njy ýylda gazanan “Bawariýa” 21-nji sapar Germaniýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Münhenliler bu ugurda 2-nji ýerdäki “Werderden” (6 kubok) ep-esli öňde barýar.

Şeýle-de, finalda het-trik eden Harri Keýniň şu möwsümde “Bawariýanyň” düzüminde geçiren gollarynyň sany 61-e ýetdi. Ol şu möwsümiň çäginde milli toparda-da 5 gezek tapawutlandy. Keýn hem çempionatda, hem-de Kubok ýaryşynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Bu onuň “Bawariýadaky” 4-nji kubogydyr.
PDF









