23-nji maýda Moskwanyň «Spartak» futbol komandasynyň ozalky ýarym goragçysy Sergeý Rožkow uzak dowam eden keselden soň, 84-nji ýaşynda aradan çykdy. Bu barada sport klubynyň resmi habar beriş serişdeleri habar berýärler. Sergeý Rožkow sport karýerasynda, has takygy, 1963–1965, 1967–1969 we 1974-nji ýyllarda «Spartak» toparynyň düzüminde jemi 161 duşuşyga gatnaşyp, garşydaşlaryň derwezesine 8 gol geçirmegi başarypdy.
Ol Moskwanyň «Spartak» topary bilen bilelikde 1969-njy ýylda SSSR-iň çempiony boldy, şeýle hem 1963-nji we 1965-nji ýyllarda ýurduň Kubogyny gazandy. S.Rožkow dürli ýyllarda Almatynyň «Kaýrat» we Rýazanyň «Spartak» toparlarynda hem çykyş etdi. Ol 1964-nji ýylda SSSR-iň milli ýygyndy toparynyň düzüminde hem bir halkara duşuşykda meýdança çykdy.
Ol sport karýerasyny tamamlandan soň, tälimçilik işi bilen işjeň meşgullandy. Ol 1984-nji ýylda «Spartak» toparynyň tälimçisi boldy. Şeýle hem dürli ýyllarda ýetginjekler ýygyndy toparlaryna, Tunisiň «Kaýruan» klubuna, Moskwanyň TRASKO, «Zenit», şeýle-de futzal boýunça «Minkas» we «GKI-Gazprom» toparlaryna tälimçilik etdi.
PDF









