Soňky gezek 1998-nji ýylda Dünýä Kubogyna gatnaşan Şotlandiýanyň ýygyndysynyň düzümi belli bolup, tälimçi Stiw Klark 18 sany legioner futbolçyny çagyrdy. Topar “Napolide” oýnaýan Skott MakTomineýe, şol sanda, “Aston Willanyň” ýyldyzy Jon MakGinne bil baglaýar.
Şotlandiýanyň ýygyndysy edil 1998-nji ýyldaky ýaly ýene-de Braziliýanyň hem-de Marokkonyň ýygyndylary bilen duşuşar. “C” toparçada çykyş etjek şotlandlaryň ýene bir bäsdeşi bolsa Gaitiniň milli ýygyndysydyr.
DERWEZEÇILER Kreýg Gordon (Harts) Anguss Gann (Nottingam Forest) Liam Kelli (Reýnjers) GORAGÇYLAR Endi Robertson (Liwerpul) Grant Hanli (Hibernian) Kiran Tirni (Seltik) Skott MakKenna (Dinamo Zagreb) Jäk Hendri (Al-Ittifak) Natan Patterson (Ewerton) Antoni Ralston (Seltik) Jon Suttar (Reýnjers) Aaron Haýki (Brentford) Dominik Hýam (Reksam) ÝARYMGORAGÇYLAR Jon MakGinn (Aston Willa) Skott MakTomineý (Napoli) Raýan Kristi (Bornmut) Kenni MakLin (Norwiç Siti) Billi Gilmor (Napoli) Lýuwis Ferguson (Bolonýa) Ben Gannon-Doak (Bornmut) Findli Kurtis (Kilmarnok) HÜJÜMÇILER Lindon Daýkes (Çarlton Atletik) Çe Adams (Torino) Lawrens Şankland (Harts) Jorj Hörst (Ipswiç Tawn) Ross Stýuwart (Southempton)
PDF









