Hytaýly astronawtlaryň nobatdaky uçuşy

2

24-nji maýda Hytaý 3 astronawty “Tiengong” kosmos bekedine ugratdy. “Shenzhou-23” kosmos gämisindäki üç astronawt “Shenzhou-21” kosmos gämisi bilen geçen ýylyň 31-nji oktýabrynda kosmosa ugradylan astronawtlar bilen nobatyny çalşar. Hytaýyň 11-nji adamly kosmos uçuşynda Çžu Ýançžu, Çžn Çžiyuan we gonkongly zenan Li Szýain bar. Hytaýyň adamly kosmos agentligi (CMSA) raketanyň uçurylandan 10 minutdan soňra kesgitlenen orbita ýerleşendigini mälim etdi. 3,5 sagat çemesi wagtdan soňra bolsa, kosmos gämisi “Tiengong” kosmos bekedine birikdi.
Mundan ozal kosmosa giden gämiler yzyna gaýdanda bary-ýogy 50 kilogram ýük alyp gaýdýardy. “Shenzhou-23”-iň bolsa 100 kilogram ýük alyp gaýtjakdygy mälim edildi. Kosmos gämileri kosmos bekedine diňe adamlary däl, dürli ýükleri – enjamlary, ylmy işleriň nusgalaryny, iýmit we azyk önümlerini hem gatnatmaly bolýarlar.