Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ yglan edildi

3

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Za­man-Türk­me­nis­tan»
ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň
Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da
yg­lan edi­len «Ga­raş­syz Wa­ta­nym – Türk­me­nis­ta­nym» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň

D Ü Z G Ü N N A M A S Y

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da uly öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­gal­lym­la­ryň okuw­çy­la­ra döw­re­bap de­re­je­de bi­lim ber­me­gi, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy, mil­li ýö­rel­ge­ler we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler esa­syn­da okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni has-da kä­mil­leş­di­rip, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň: «Mu­gal­lym­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti bi­ziň bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşyr­ýan üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň göz­ba­şy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bi­lim ul­ga­my­ny ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek­de, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym­ly-bi­lim­li, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan, wa­tan­sö­ýü­ji nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi we je­bis­li­gi­mi­zi has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da mu­gal­lym­la­ryň, bi­lim iş­gär­le­ri­niň aý­ra­tyn hyz­ma­ty bar­dyr» di­ýen pä­him­li söz­le­rin­den ugur alyp, Wa­ta­ny­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­ni wasp et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da «Ga­raş­syz Wa­ta­nym – Türk­me­nis­ta­nym» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ni yg­lan ed­ýär.
Bu bäs­le­şi­giň esa­sy mak­sa­dy or­ta mek­dep­ler­de zäh­met çek­ýän ýaş mu­gal­lym­la­ryň dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek­den hem-de ola­ryň ýur­du­my­zyň gö­zel ýer­le­ri (şä­her­ler, şä­her­çe­ler, oba­lar, ta­ry­hy we tä­sin bi­na­lar, me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, te­bi­gy gö­zel­lik­ler, go­rag­ha­na­lar, dag-düz­ler, der­ýa­lar, ýol­lar we ş.m.) ba­ra­da tä­ze­çil gör­nüş­de çe­me­le­şip, öz­bo­luş­ly ma­ka­la­lary ýaz­mak­la­ry­ny ga­zan­mak­dan yba­rat­dyr.

Bäs­le­şi­giň şert­le­ri we ge­çiş ter­ti­bi:
– bäs­le­şik ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň ýa­şy 35-den geç­me­dik mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär.
– bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri, şä­her­çe­le­ri, oba­la­ry, ýa­dy­gär­lik­le­ri, ta­ry­hy we tä­sin bi­na­la­ry, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, go­rag­ha­na­la­ry, dag-düz­le­ri, der­ýa­la­ry, ýol­la­ry… ba­ra­da anyk de­lil­le­re we mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp, pub­li­sis­tik ma­ka­la ýaz­ma­ly.
– bäs­le­şi­ge hö­dür­len­ýän ma­ka­la­lar 10-lyk şrift­de (Ti­mes New Ro­man), 1,5 sa­hy­pa möç­be­rin­de, Word for­ma­tyn­da (A4) bol­ma­ly.
– ma­ka­la­da ge­ti­ril­ýän mag­lu­mat­lar de­lil­le­re esas­lan­ma­ly we ula­ny­lan ede­bi­ýat­la­ryň çeş­me­si gör­ke­zil­me­li.
– bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar ýa­zan ma­ka­la­la­ry­ny «Ga­raş­syz Wa­ta­nym – Türk­me­nis­ta­nym» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ne» di­ýen ýaz­gy bi­len, öz­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry (ady­ny, fa­mi­li­ýa­sy­ny, iş­le­ýän mek­de­bi­niň sal­gy­sy­ny we te­le­fon bel­gi­si­ni) ýa­zyp, «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň elekt­ron poç­ta­sy­na iber­me­li;
– bäs­le­şi­ge hö­dür­len­jek ma­ka­la­lar 22-nji ma­ý­ –
10-njy sent­ýabr aralygynda ka­bul edi­ler we ýeňijilere emin­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan baha berler.

Bäs­le­şi­gi jem­le­me­giň ter­ti­bi:
– bäs­le­şik 2026-njy ýy­lyň 18-nji sent­ýab­ryn­da – Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp jem­le­ner.
– bäs­le­şik­de 1 sa­ny baş baý­rak;
1 sa­ny 1-nji orun üçin;
2 sa­ny 2-nji orun üçin;
3 sa­ny 3-nji orun üçin;
3 sa­ny hö­wes­len­di­ri­ji baý­rak­lar bel­le­ni­len.
– bäs­le­şi­giň gu­raý­jy­la­ry ta­ra­pyn­dan ýe­ňi­ji­le­re Hor­mat hat­la­ry we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ry­lar.

Bi­ziň sal­gy­myz:
Aş­ga­bat şä­he­ri, 1908 (Gün­do­gar kö­çe­si), 10-A ja­ýy.
E-ma­il sal­gy­sy: za­man­turk­me­nis­tan@san­ly.tm

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­miz:
«Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy:
28-14-05, 28-14-36.
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar
gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi: 44-89-99, 44-88-81.