Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Zaman-Türkmenistan»
gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda
yglan edilen «Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşiginiň
D Ü Z G Ü N N A M A S Y
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mugallymlaryň okuwçylara döwrebap derejede bilim bermegi, döredijilik bilen meşgullanmagy, milli ýörelgeler we öňdebaryjy tejribeler esasynda okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirip, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, Watanymyzyň gözel künjeklerini wasp etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda «Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bu bäsleşigiň esasy maksady orta mekdeplerde zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden hem-de olaryň ýurdumyzyň gözel ýerleri (şäherler, şäherçeler, obalar, taryhy we täsin binalar, medeni ýadygärlikler, orta we ýokary okuw mekdepleri, tebigy gözellikler, goraghanalar, dag-düzler, derýalar, ýollar we ş.m.) barada täzeçil görnüşde çemeleşip, özboluşly makalalary ýazmaklaryny gazanmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
– bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýaşy 35-den geçmedik mugallymlarynyň arasynda geçirilýär.
– bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzyň şäherleri, şäherçeleri, obalary, ýadygärlikleri, taryhy we täsin binalary, orta we ýokary okuw mekdepleri, tebigy gözellikleri, goraghanalary, dag-düzleri, derýalary, ýollary… barada anyk delillere we maglumatlara esaslanyp, publisistik makala ýazmaly.
– bäsleşige hödürlenýän makalalar 10-lyk şriftde (Times New Roman), 1,5 sahypa möçberinde, Word formatynda (A4) bolmaly.
– makalada getirilýän maglumatlar delillere esaslanmaly we ulanylan edebiýatlaryň çeşmesi görkezilmeli.
– bäsleşige gatnaşyjylar ýazan makalalaryny «Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen, özleri baradaky maglumatlary (adyny, familiýasyny, işleýän mekdebiniň salgysyny we telefon belgisini) ýazyp, «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň elektron poçtasyna ibermeli;
– bäsleşige hödürlenjek makalalar 22-nji maý –
10-njy sentýabr aralygynda kabul ediler we ýeňijilere eminler topary tarapyndan baha berler.
Bäsleşigi jemlemegiň tertibi:
– bäsleşik 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp jemlener.
– bäsleşikde 1 sany baş baýrak;
1 sany 1-nji orun üçin;
2 sany 2-nji orun üçin;
3 sany 3-nji orun üçin;
3 sany höweslendiriji baýraklar bellenilen.
– bäsleşigiň guraýjylary tarapyndan ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Biziň salgymyz:
Aşgabat şäheri, 1908 (Gündogar köçesi), 10-A jaýy.
E-mail salgysy: zamanturkmenistan@sanly.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
«Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy:
28-14-05, 28-14-36.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.
PDF









