Namanganda halkara gül festiwaly açyldy

2

Özbegistanyň Namangan şäherinde 24-nji maýda badalga alan 65-nji Halkara gül festiwaly şu ýylyň 12-nji iýulyna çenli dowam eder. Ýurduň iň möhüm medeni çäreleriniň biri hasaplanýan bu dabaralara 500-e golaý ýerli we daşary ýurtly bagbanlar, floristler hem-de dizaýnerler gatnaşýarlar. Guramaçylaryň bellemegine görä, bu gezekki festiwalyň çäklerinde şäheriň “güller şäheri” diýen derejesini has-da berkitmek maksady bilen, gülleriň 120-ä golaý görnüşiniň 150 million sany nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem çäräniň çäklerinde bir aýyň dowamynda iň köp gül oturtmak boýunça bellenen rekordy hasaba almak ugrunda Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi sargyt berildi. Halkara gül baýramyna dünýäniň 50-den gowrak döwletinden 1 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçynyň we 7 milliona golaý ýerli ýaşaýjynyň gelmegine garaşylýar.
Festiwalyň çäklerinde medeni-köpçülikleýin çäreleriň 150-den gowragy, şol sanda konsertler, teatrlaşdyrylan we sirk çykyşlary, moda görkezişleri hem-de halkara senetçilik sergileri guralar. Baýramçylygyň baş meýdançasy bolan Babur adyndaky seýilgähde 8 gektar meýdanda ägirt uly gül kompozisiýalary we ýörite fotosonalar döredildi. Şeýle hem şäheriň merkezi köçelerinde janly güller bilen bezelen 200-den gowrak awtoulagyň gatnaşmagynda däp bolan awtoýöriş geçirildi. Mälim edilişi ýaly, Namangan şäheriniň häkimi Şawkat Abdurazakowyň beren maglumatyna görä, soňky ýyllarda bu sebitiň gülçülük we dokma pudaklaryna, aýratyn-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara uly üns berilýär. Mysal üçin, Türkiýe Respublikasynyň Ysparta şäheri bilen doganlaşan şäher gatnaşyklary ýola goýuldy we gül ýagyny hem-de gül suwuny öndürmek tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Halkara çäräniň ýapylyş dabarasy “Rowaýatlar jülgesi” seýilgähinde dabaraly gala-konsert we ýeňijileri sylaglamak dabarasy bilen tamamlanar.