Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Winston Çerçilliň suratkeşlik ukybyna we döredijilik dünýäsine bagyşlanan iň uly sergi Londonyň Wallas ýygyndysynda (The Wallace Collection) tomaşaçylara hödürlendi. Guramaçylaryň soňky 60 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Çerçilliň suratlaryndan düzülen giň gerimli ekspozisiýa hasaplaýan bu sergide syýasatçynyň 50-den gowrak polotnosy ýerleşdirilip, olaryň agramly bölegi köpçülige ilkinji gezek görkezilýär.
Taryha esasan özüniň ruhlandyryjy çykyşlary we syýasy işjeňligi bilen giren Winston Çerçill durmuşynyň kyn pursatlarynda stressden saplanmak üçin surat çekmek bilen meşgullanypdyr. Ol ilkinji gezek 1915-nji ýylda, boş wagty emele gelen döwründe galamyny eline alyp, döredijilige ünsüni gönükdiripdir.
Sergide taryhy şahsyýetiň döredijilik ýoly hronologik yzygiderlikde görkezilip, onda meşhur suratkeş Jon Laweriniň goldawy bilen döredilen ilkinji işlerinden başlap, 1920-nji ýyllarda maşgalasy bilen ýaşan Çartwelldäki şäher daşyndaky öýünde çeken suratlaryna çenli ýerleşdirilipdir. Esasan hem, peýzaž žanryna aýratyn gyzyklanma bildiren Çerçill Fransiýanyň günortasynda we Marokkoda dynç alýan wagtlary asmanyň gök we sarymtyl-goňur reňkleriniň agdyklyk edýän ajaýyp tebigat şekillerini döredipdir.
Ekspozisiýada Marokko saparlaryndan ylhamlanyp çekilen suratlaryna aýratyn orun berlipdir. Olaryň arasynda Çerçilliň Ikinji jahan urşy ýyllarynda çeken ýeke-täk suraty bolan «Kutubiýa metjidiniň minarasy» atly eseri hem bar. Bu polotno öz wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzwelte sowgat berlip, soňra Golliwudyň meşhur ýyldyzy Anjelina Joliniň hususy kolleksiýasyna geçipdir we 2021-nji ýylda bäsleşikli söwdada satylypdyr.
Uruş döwrüniň lideri hökmünde tanalmagyna garamazdan, Çerçill öz eserlerinde dünýäniň syýasy wakalaryny şöhlelendirmäge gyzyklanmandyr. Muňa garamazdan, sergide duran ýeke-täk tapawutly eser – 1938-nji ýylda, uruş gorkusynyň artan döwründe çekilen «Wolmerdäki plýaž» atly suratdyr. Onda çägelikde gezip ýören adamlaryň öň planynda deňze gönükdirilen gara reňkli topy görmek bolýar, bu bolsa golaýlaşyp gelýän howpdan habar berýär. Ekspozisiýa syýasatçynyň umumy saýlawlarda ýeňlişe sezewar bolan uruşdan soňky döwri bilen jemlenýär. Ol ömrüniň ahyryna, ýagny, 1965-nji ýyla çenli surat çekmegini dowam etdiripdir we onuň käbir işleri Patyşalyk çeperçilik akademiýasynda hem görkezilipdir.
PDF









