Golaýda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (World Health Organization, WHO, BSSG) dünýäniň köp böleginde howanyň aşa gyzmagy sebäpli onuň ýaramaz täsirinden goranmak boýunça beýanat ýaýratdy. Şol beýanatda hünärmenler howanyň öýdäki derejesiniň 32-den geçmeli däldigini öňe sürýärler. Gijelerine-de 24 derejeden ýokary bolmaly däldir. Has yssy howa saglyga zeper ýetirip, bedeni strese sezewar edýär. Bilermenler emele gelen ýagdaýy düzetmek üçin agşamlaryna we irden otaglaryň howasyny çalşyp durmagy maslahat berýärler. Uklamak üçin jaýyň iň salkyn ýerini saýlap almaly. Gündizlerine äpişgeleriň perdelerini ýa-da tutularyny mäkäm ýapmaly. Şeýle hem, elektrik çyralaryny hem-de elektroenjamlaryny öçürip goýmagy maslahat berýärler.
BSSG-niň bilermenleri yssy howanyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, has yssy günler öýden çykman, sowadyjyly otagda wagtyňy geçirmegi maslahat berýärler. Fiziki agram düşmezligi üçin işleriňi irden berjaý etseň göwnejaý bolar. Mümkin bolsa, ara kän salym salman, suwa düşmek, ýeňil tebigy matalardan tikilen egin-eşikleri geýmek, suwy köpräk içip, alkogolly içgilerden daşda durmak peýdalydyr. Şeýle hem, beýanatda jöwzaly yssyda hiç bir jähtden çagalary ulagda goýup gitmeli däldigi öwran-öwran ýatlanyp geçilýär. Mundan başga-da ýeke ýaşaýan garrylaryň, syrkawlaryň we ýakynlaryň hallaryndan habar alyp durmak ýatladylýar.