ABŞ-da 250 dollarlyk täze banknot çykarylar

2

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Maliýe ministrligi ýurduň Kongresiniň degişli tassyklamagyna garaşyp, Prezident Donald Trampyň şekili ýerleşdirilen 250 dollar nominally ýadygärlik banknotlaryny çap etmäge taýýarlyk görýär. Bu barada NBC telekanaly ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessente salgylanyp habar berýär.
Maliýe ministriniň Ak Tamda geçiren brifinginde mälim etmegine görä, häzirki wagtda kanuna laýyklykda, amerikan pul birliklerinde ýaşap ýören adamyň şekilini ýerleşdirmek gadagan edilýär, şeýle hem banknotlarda hökmany suratda «In God We Trust» («Biz Hudaýa bil baglaýarys») diýen ýazgy bolmaly. Şuny nazarda tutup, häzirki wagtda Kapitolide ýurduň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri girizmek we Prezident Donald Trampyň şekilini täze 250 dollarlyk banknotda şekillendirmäge rugsat bermek baradaky kanun taslamasyna seredilýär. Ministrligiň bu ugurdaky işleri öňünden meýilleşdirendigini we ähli çäreleriň diňe kanunçylyk esasynda amala aşyryljagyny bellän Skott Bessent ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp çykaryljak şanly banknotda şol taryhy pursatda döwleti dolandyrýan Prezidentiň suratynyň ýerleşdirilmeginiň doly maksada laýykdygyny aýtdy.
Agzalan kanun taslamasy geçen ýyl Günorta Karolina ştatyndan kongresmen Jo Wilson tarapyndan öňe sürlüp, 2025-nji ýylyň fewralynda Wekiller palatasynyň Maliýe hyzmatlary boýunça komitetiniň garamagyna gowşuryldy. Resminamanyň güýje girmegi üçin ol ilki bilen Kongresiň iki palatasy (Wekiller palatasy we Senat) tarapyndan makullanmaly, soňra bolsa oňa Prezident tarapyndan gol çekilmeli. ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň resmi wekili hem Grawirleme we çap etmek býurosynyň kanun kabul edilen ýagdaýynda gymmatly kagyzy çykarmaga taýýarlyk we barlag işlerini öňünden alyp barýandygyny tassyklady. Bulardan başga-da, şu ýylyň martynda ministrlik tarapyndan yglan edilen habara görä, ýurduň 250 ýyllyk taryhy baýramçylygyna taýýarlygyň çäklerinde häzirki döwlet Baştutanynyň golunyň kagyz pullarda peýda bolmagyna hem garaşylýar, bu bolsa ýurduň maliýe taryhynda nobatdaky möhüm waka bolar.