28-29-njy maýda Astana şäherinde Ýewraziýa ykdysady bileleşigine (ÝYB) agza döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda emeli aň, umumy sanly bazar we söwda geçelgeleri baradaky meselelere bagyşlanan sammit geçirildi. Duşuşykda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokayew sanly ulgamyň we emeli aňyň bileleşigiň ösüşiniň esasy guralyna öwrülmegi netijesinde, agza ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň şu ýyl 6 göterim töweregi ýokarlanyp, 85 milliard ýewrodan geçjekdigini we 2025-nji ýyldaky rekord görkezijiden hem ýokary boljakdygyny mälim etdi. Şeýle hem ÝYB-nyň agza döwletlerinde 2026-2027-nji ýyllarda jemi içerki önümiň ösüşiniň ortaça, 2,5 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar.
Ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda taraplar meýdany 20 million inedördül kilometrden gowrak bolan umumy ykdysady çäkde bökdençsiz söwda bazaryny emele getirmäge ukyply bitewi sanly giňişligi döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet wekilleri söwda, bilelikdäki taslamalar, emeli aň ulgamlaryny we umumy sanly gurallary işläp taýýarlamak arkaly özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de päsgelçilikleri aradan aýyrmaga aýratyn üns berdiler. Häzirki wagtda bileleşigiň çäklerindäki özara hasaplaşyklaryň, takmynan, 90 göterimi milli pul birliklerinde amala aşyrylýar we muňa parallel ýagdaýda bitewi üstaşyr ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. 12-nji ýyl bäri durnukly işleýän bu gurama Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Ermenistan ýaly bäş sany agza döwleti özünde jemläp, eýýäm Serbiýa, Wýetnam, BAE, Mongoliýa we Indoneziýa ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglaşdy. Hytaý Halk Respublikasy bolsa bileleşigiň daşary söwdasynyň üçden bir bölegini üpjün etmek bilen, onuň esasy hyzmatdaşy bolmagynda galýar.
Sammitiň çäklerinde Gazagystanyň başlyklyk etmeginiň netijeleri barada durup geçen Prezident Kasym-Žomart Tokayew bileleşigiň esasy dört sany azatlyk ýörelgesini durmuşa geçirmek we döwletleriň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak üçin emeli aňy amaly taýdan ulanmagy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin geljek ýylda milli emeli aň modellerini ösdürmek hem-de maglumat tehnologiýalary we energetika düzümlerini utgaşdyrmak boýunça ýokary derejeli duşuşygy geçirmegi öňe sürdi. Häzirki wagtda ÝYB derejesinde birnäçe synag taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, Gazagystanda döwlet edaralary we startaplar tarapyndan raýatlara we telekeçilik düzümlerine kanunçylyk ulgamynda goldaw berýän ýörite emeli aň kömekçileri döredildi we olar häzirki wagtda guramanyň beýleki agza ýurtlarynda hem synagdan geçirilýär.
Logistika we ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem sammitiň üns merkezinde boldy. Häzirki wagtda Hytaýdan Ýewropa ugradylýan ýükleriň, takmynan, 85 göterimi hazarüsti halkara ulag ugry arkaly daşalýar. Hazarüsti halkara ulag ugry boýunça sanly ulgamlaryň we emeli aňyň işjeň ulanylmagy netijesinde, ýakyn iki ýylda çig mal däl eksportyň möçberi 30 göterim artar. Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakkaliýewiň bellemegine görä, ýurt «Demirgazyk-Günorta» we Transhazar halkara ulag ugry ýaly möhüm ugurlary doly integrirlenen logistik ekoulgama öwürmegi hem-de 2030-njy ýyla çenli ýük daşamagyň göwrümini 10 million tonna ýetirmegi maksat edinýär.
ÝYB-niň sammiti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň yzýany geçirildi. Saparyň barşynda taraplar energetika, ulag, maliýe, bilim we senagat ýaly ugurlarda ikiçäk hyzmatdaşlygyň 7 sany esasy ugruny we giň gerimli ylalaşyklar toplumyny ylalaşdylar. Häzirki günde Russiýa Federasiýasy Gazagystanyň ykdysadyýetine 25 milliard ýewro golaý maýa goýan iň iri maýadardyr. Şeýle hem Russiýa Gazagystanda bahasy 14 milliard ýewro barabar bolan ilkinji atom elektrik stansiýasynyň gurluşygyny alyp barýar. Prezident Wladimir Putiniň tassyklamagyna görä, bu desga ýurduň elektrik energiýasyna bolan isleginiň 20 göterimini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, iki ýurduň uran we ýadro tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny täze belentliklere göterer hem-de Gazagystanyň çig mal eksport edýän modelden ýokary tehnologiyaly önümçilik modeline geçmegine uly goşant goşar.
PDF









