27-nji awgustda Eýranyň Prezidenti Masut Pezeşkian Tähranda geçirilen Yslam birligi halkara maslahatynda çykyş edip, musulman döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesiniň ýeterlik däldigini belledi we bu ýagdaýy düzetmäge çagirdi. Ol bu ýurtlaryň özara söwdasynyň bary-ýogy 19 göterime barabar bolmagynda galýandygyny mälim etdi. Ýagny, musulman ilatly döwletleriň eksportynyň 80 göterimden gowragy entegem bu toparçadan daşardaky bazarlara ugradylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň döwletb Baştutany Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza 57 döwleti ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga çagyrdy. Ol bu ýurtlaryň möhüm deňiz hem-de gury ýer ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigini, baý energetika serişdelerine, ýaş ilata we giň bazara eýedigini nygtady.

Prezident Pezeşkiýan agzalyp geçen guramanyň agzalaryny bar bolan tapawutlylyklara garamazdan, jebisleşmäge çagyrdy. Onuň sözlerine görä, hiç bir musulman ýurdy öz howpsuzlygyny goňşy döwletleriň hasabyna berkitmeli däldir we olaryň çäkleri beýleki musulman ýurtlaryna garşy ulanylmaly däldir.