29-njy maýda Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde dünýäniň 60 ýurdundan 11,5 müňden gowrak wekiliň, şol sanda startapçylaryň we iri maýadarlaryň gatnaşmagynda innowasiýalara we telekeçilige bagyşlanan «Panathēnea 2026» atly halkara forumy geçirildi. Çärede emeli aňyň we täze tehnologiýalaryň global ykdysadyýeti kesgitleýän häzirki döwründe Ýewropanyň ABŞ we Hytaý bilen bäsdeşlik ukybyny nähili saklap biljekdigi baradaky mesele baş wezipe hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda «Bolt» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Markus Willig Ýewropanyň töwekgelçilik medeniýetiniň pesligi sebäpli her ýylda 2-3 trillion ýewro maýa goýumyny ýitirýändigini belledi. Şol bir wagtda «Deel» we «Kaizen Gaming» ýaly iri halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylary häzirki zaman startaplarynyň ilkinji günlerden bütindünýä bazaryna çykmalydygyny we kynçylyklara çalt uýgunlaşmalydygyny öz tejribeleri arkaly görkezdiler.
Forumyň netijeleri boýunça bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň öňünde duran iň esasy strategik maksat – sebitdäki baý ylmy potensialy we güýçli zehinleri diňe bir barlag işlerinde saklaman, eýsem, olary global derejedäki ägirt uly innowasion biznes taslamalaryna öwürmekden ybaratdyr.
PDF









