Fransiýanyň hökümeti tarapyndan döwlet çykdajylaryny tygşytlamak maksady bilen kabul edilen täze býujet kanunyna laýyklykda, Ýewropa ykdysady zolagyna girmeýän ýurtlardan gelip, bu döwletde okaýan 100 müňe golaý daşary ýurtly talyp 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap şahsy ýaşaýyş jaý kömek pulundan (APL) mahrum ediler. Ýurduň Maşgala kömek pullary kassasynyň (CAF) berýän maglumatyna görä, bu çäre Fransiýanyň tutuş çägine degişli bolup, ol durmuş şertleri boýunça ýörite talyp haklaryny almaýan we Ýewropa Bileleşigine agza bolmadyk döwletleriň raýatlaryna garşy gönükdirilendir. Ýurduň Konstitusion geňeşi tarapyndan hem tassyklanan bu özgertme hökümete degişli bolmadyk guramalaryň güýçli tankydyna sezewar boldy. Ýerli talyp assosiasiýalarynyň (FAGE) geçiren pikir soralyşyklaryna görä, ýurtda her iki talypdan biri ýaşaýyş jaý töleglerini töläninden soňra, aýda 200 ýewrodan hem az serişde bilen ýaşamaga mejbur bolýar we bu täze maliýe çäklendirmesi daşary ýurtly ýaşlaryň durmuş şertlerini has-da çylşyrymlaşdyryp biler.
PDF









