ÝYB-nyň nobatdaky mejlisi Sankt-Peterburgda geçiriler

3

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝÝB) nobatdaky ýokary derejeli mejlisi şu ýylyň dekabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler. Bu barada Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň Kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagyntaýew Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde guralan Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça žurnalistlere beren beýanatynda habar berdi.
Astana şäherinde geçirilen bu geňeşe Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň ýurtda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýanyndaky wagyz-nesihat işleri bilen meşgul bolmagy sebäpli, mejlisde bu döwlete Ermenistanyň wise-premýeri Mger Grigorýan wekillik etdi.
Mejlisiň barşynda agza döwletleriň liderleri tarapyndan Ermenistan boýunça ýörite Bilelikdäki beýannama kabul edildi we ol Ýerewana ýetirilmegi üçin wise-premýer Mger Grigorýana gowşuryldy. Ýakyn wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegi meýilleşdirilýän bu resminamanyň mazmunynyň Ermenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak baradaky daşary syýasy ugruna degişli bolmagyna garaşylýar.