ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Sinsinnati şäherindäki mekdepleriň birinde mugallymçylyk edýän Brýus Karlson Atlantik ummanynyň üsti bilen Amerikadan Ýewropa çenli aralygy ýekelikde gaýykly ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy. Şeýlelikde, ol bu aralygy kürekläp geçen ABŞ-nyň ilkinji raýaty boldy. Oňa Nýufaundlend adasyndan Beýik Britaniýanyň Sent-Meris adasyna aşmak üçin 38 gün 6 sagat 49 minut gerek bolupdyr. Bu aralyk 4 müň kilometrden gowrakdyr. Karlson syýahatyny amala aşyrýarka, birnäçe gaý-harasada döz gelmeli bolýar, gaýyk telim sapar düňderilýär.
Mundan ozalky rekord 2016-njy ýylda goýlupdy. Kanadaly Lawal Sen Žermen Demirgazyk Atlantikany 53 gün 8 sagat we 26 minutda kesip geçdi. Dogrusy, ol Kanadanyň Galifaks şäherinden tä Fransiýanyň Brest şäherine çenli has uzak aralygy saýlap alan eken.