Maltada geçirilen parlament saýlawlarynda häkimiýet başyndaky Zähmetkeşler partiýasy yzygiderli dördünji gezek ýeňiş gazandy. Ýurduň Premýer-ministri Robert Abelanyň ýolbaşçylygyndaky partiýa esasy bäsdeşi bolan Milletçi partiýadan takmynan 18 müň ses tapawut bilen öňe geçmegi başardy. Metbugat serişdeleriniň habar bermegine görä, zähmetkeşler parlamentde köplügi saklap galan hem bolsalar, bu gezekki görkeziji 2022-nji ýyldaky saýlawlar bilen deňeşdirilende azrak boldy. Milletçi partiýanyň ýolbaşçysy Aleks Borg saýlawlaryň netijesini ykrar edip, Robert Abela telefon arkaly gutlaglaryny ýetirdi. Ýewropa Geňeşiniň Baştutany Antoniu Koşta hem guralan saýlawlar mynasybetli ýurduň premýer-ministrini gyzgyn gutlady.
Häzirki Hökümet saýlaw möwsüminde esasy ünsüni ykdysady durnuklylyga gönükdirdi. Geçen ýyl Maltanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) 4 göterim ösmegi netijesinde, ýurt Ýewropa Bileleşigindäki iň pes inflýasiýa we işsizlik derejesini saklap galmagy başardy. Şeýle hem adada elektrik energiýasynyň we ýangyjyň nyrhlary soňky 10 ýylyň dowamynda Ýewropada iň pes derejede galýar. Şol bir wagtda, sebitdäki durnuksyzlygyň we bökdençlikleriň täsirini azaltmak hem-de dünýä bazarlaryna energetika önümlerini bökdençsiz ýetirmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär.
PDF









