ABŞ-da ragyň garşysyna niýetlenen täze sanjym synagdan geçirildi

1

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda onkologik keselleriň öňüni almak we bejermek ugrunda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň çäklerinde işlenip taýýarlanylan «Amiwantamab» atly synag tapgyryndaky sanjym derman serişdesi netijeliligiň ýokary görkezijilerini subut etdi. Bu barada degişli önümçilik kompaniýasynyň resmi maglumatlaryna salgylanyp, dünýäniň öňdebaryjy habarlar gulluklary habar berýärler. Geçirilen ylmy synaglaryň we barlaglaryň netijesinde, bu lukmançylyk serişdesiniň ulanylan näsaglarynyň üçden bir böleginden gowragynyň saglyk ýagdaýynda çişleriň kiçelmegi we umumy gowulaşma meýilleri hasaba alyndy.
Hünärmenleriň bellemeklerine görä, täze derman serişdesi ozal himiýaterapiýa we immunoterapiýa usullary bilen bejergi alan, ýöne kelläniň hem-de boýnuň täze döremelerinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny durnukly dikeltmekde oňyn netijeleri görkezdi. Bu ugurda geçirilen ylmy barlaglara jemi 102 sany näsag meýletin gatnaşyp, olara adaty lukmançylyk usullarynyň netije bermedik ýagdaýlarynda ýörite sanjymlar bellenildi. Lukmançylyk synaglarynyň umumy seljermesi näsaglaryň 42 göteriminde derman serişdesine bolan oňyn täsiriň has ýokary bolandygyny, şol sanda 15 sany näsagda bolsa çişleriň doly aýrylandygyny tassyklady.
Şunuň bilen birlikde, bu döwrebap lukmançylyk serişdesiniň öýken onkologiýasyndan ejir çekýän näsaglary bejermekde hem netijeli häsiýete eýedigi anyklandy. Halkara bilermenleriň we alymlaryň bellemeklerine görä, ragyň garşysyna niýetlenen täze sanjymyň üstünlikli synagdan geçirilmegi geljekde dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda onkologik keselleri bejermegiň hil taýdan täze, döwrebap ugurlaryny kemala getirmäge goşant goşar.