Ýewropada täze uzak aralykly demir ýol ugry açylýar

1

Ýewropanyň iri halkara demir ýol we awtobus gatnawlaryny amala aşyrýan Çehiýanyň «Leo Express» hususy kompaniýasy 25-nji iýunda Germaniýanyň, Çehiýanyň we Polşanyň iri şäherlerini birleşdirýän, uzynlygy 1300 kilometrden gowrak bolan täze halkara demir ýol ugruny açýar. Bu täze gatnaw yklymdaky iň uzyn göni demir ýol ugurlarynyň birine öwrülip, her ugurda günde bir gezek gatnaw yzygiderli amala aşyrylar.
Polşanyň Pşemysl şäherinden ýola düşen otly Krakow, Ostrawa, Praga, Drezden, Leýpsig we Erfurt şäherlerinden geçip, Frankfurt şäherine hem-de onuň halkara howa menziline barar. Polşadan Germaniýa çenli petekleriň bahasy 10 ýewrodan başlanýan bu taslama barada «Leo Express» kompaniýasynyň baş direktory Peter Köler beren beýanatynda täze ugruň Günbatar we Gündogar Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitjekdigini, möhüm sebit merkezlerini birleşdirip, amatly ýoly üpjün etjekdigini aýratyn belledi.
Bellenilen tertibe laýyklykda, Pşemysl şäherinden sagat 13:31-de ugraýan otly ertesi gün sagat 07:53-de Frankfurtyň howa menziline barar we bu ýerde ýolagçylara yklymara uçuşlara bökdençsiz ýetişmäge mümkinçilik döreder. Frankfurtdan yzyna gaýdýan otly bolsa sagat 08:27-de ugrap, ertesi gün gije sagat 02:23-de Pşemysla barar. Şeýle hem bu gatnaw Praga, Drezden, Leýpsig, Erfurt we Frankfurt şäherleriniň arasynda göni aragatnaşygy üpjün eder.
Ýolagçylaryň amatlylygy üçin uzak aralyga gatnaýan täze otlynyň ähli wagonlary simsiz internet (Wi-Fi), enjamlary zarýadlamak üçin rozetkalar we dürli içgiler bilen doly üpjün ediler.