Italiýanyň günortasynda ýer titredi

5

Şu gün –sişenbede irden Italiýanyň günorta Kalabriýa deňizýaka sebitinde güýji 6,1 bala deň bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy. Bu barada Italiýanyň Geofizika we wulkanologiýa milli institutyna salgylanyp, “Sinhua” agentligi habar berdi. Sarsgynyň merkezi 250 kilometrlik çuňlukda ýerleşdi. Ol Kalabriýa, Sisiliýa, Kampaniýa we Apuliýa ýaly birnäçe günorta sebitlerde duýuldy.
Ejir çekenler we binalaryň ýykylandygy barada habar berilmeýär. Ýerli häkimiýetler ýagdaýa gözegçilik edýärler.