Äpet Tueýts buzlugy alty ýurda howp salýar

8

Günbatar Antarktidadaky «Ahyrzaman buzlugy» diýen at bilen belli bolan äpet Tueýts buzlugy alty ýurda howp salýar. Britan antarktiki gullugynyň (BAS) deňiz fizigi Robert Larter bu buzlugyň ýalpaklykdaky böleginiň eýýäm geljek ýylda eräp biljekdigini aýdýar.
Doly erände, buzlugyň möçberi deňziň derejesini 0,6 metrden hem ýokarlandyrmaga ukyplydyr. Buzlugyň ýok bolmagy sebitleriň birgideninde heläkçilikli ýagdaýlary döredip biler. Netijede, Beýik Britaniýa, Niderlandlar, ABŞ, Bangladeş, Tuwalu we Maldiwler ýaly ýurtlar has köp zyýan çekerler diýip, “Daily Express” neşiri ýazýar.
Alymlar diňe Tueýtsiň buzlugy däl-de, goňşy buzluklar hem erän halatynda Dünýä ummanynyň derejesiniň üç metre çenli ýokarlanjakdygyny nygtaýarlar.