18-nji iýunda ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama özüniň Prezident merkeziniň dabaraly açylyş gününi dünýä belli ýyldyzlaryň we abraýly syýasatçylaryň gurşawynda belledi. Çikago şäherinde geçirilen bu dabaraly çäre göni ýaýlymda görkezildi we oňa ABŞ-nyň öňki Prezidentleri Jo Baýden, Jorj Buş (kiçisi), Bill Klinton, şeýle-de Brýus Springstin, Stiwi Uander, Kristina Agilera we Bono ýaly meşhur aýdymçylar gatnaşdy.
Obama gaznasynyň baş direktory we öňki esasy geňeşçisi Weleri Jarret bu baýramçylygyň tutuş dünýäniň adamlaryna ylham berjekdigini we özgerişliklere bolan ynamy artdyrmalydygyny aýratyn nygtady. Çikagonyň günorta bölegindäki Jekson seýilgähinde, tas 20 akr meýdany tutýan bu iri merkeze ýylda bir milliondan gowrak syýahatçynyň gelmegine garaşylýar. Toplumyň çäklerinde öňki Prezident Barak Obamanyň we ilkinji hanym Mişel Obamanyň heýkeli hem oturdyldy.
Bu uly desganyň çäklerinde ilkinji garaýagyz Prezidentiň syýasy hem-de şahsy durmuş ýolundan söz açýan ägirt uly muzeýden başga-da, Çikagonyň köpçülikleýin kitaphanasynyň şahamçasy, basketbol meýdançalary, sport merkezi, çagalar meýdançasy we gezelenç edilýän ýerler ýerleşýär. Muzeýe gelýänler Ak tamdaky Owal otagyň doly ölçegdäki nusgasy bilen hem tanyş bolup bilerler. Şeýle hem, bu ýerde Mişel Obamanyň dabaraly çärelerde geýen birnäçe meşhur köýnekleri, şol sanda 2016-njy ýylda geçirilen iň soňky resmi döwlet kabul edişliginde geýen «Atelier Versace» dizaýnerlik lybasy hem görkezilýär.
PDF









