Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümeti 15 ýaşdan kiçi çagalara akkaunt döretmegi we sosial torlardan peýdalanmagy gadagan edýän kanun kabul etdi. Bu barada WAM agentligi habar berdi.
Kanuna görä, indiden beýläk BAE-niň çagalary internetde kontent çap edip we oňa syn berip, şeýle-de açyk toparlara gatnaşyp bilmezler. Sosial torlar kanuny bozanlary ýüze çykarmaga hem-de dessine hasaba alyş ýazgylaryny ýapmaga borçludyr.
15 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalara akkauntlarynyň gorag çäreleri güýçlendirmek şerti bilen sosial torlardan peýdalanmaga rugsat berilýär.
PDF









