Halkara hünärmenler bilen birlikde okuw maslahatlary geçirildi

10

16-18-nji iýunda paýtagtymyzdaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Merkeziniň binasynda gepleşikler we köpçülik bilen işlemek, şeýle hem çykyşlary taýýarlamagyň başarnyklary boýunça okuw maslahatlary geçirildi.
Maslahata halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri hem gatnaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan geçirilen duşuşyklar metbugat gulluklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bagyşlandy. Bu duşuşyklar dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, strategik meýilleşdiriş mehanizmleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullary bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.
Amaly sapaklaryň çäklerinde resmi çykyşlary ýazmagyň esaslaryna, köpçüligiň öňündäki çykyşlary ulgamlaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Taraplar dürli ýagdaýlarda metbugat gulluklarynyň iş gurallaryny we maglumat habarlaryny utgaşdyrmagyň usullaryny içgin ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň çäklerindäki aýratyn sapaklar ýokary hilli habarlary, beýanatlary taýýarlamaga bagyşlandy.
Çeşme: migration.gov.tm