Şweýsariýada geçirilen halkara maslahata türkmen wekiliýeti gatnaşdy

9

12-14-nji iýunda Şweýsariýanyň Bern şäherinde «Togolok arheologiýa toplumyndaky soňky barlaglaryň nukdaýnazaryndan Beýik Horasan siwilizasiýasy (GKС)» atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy M.Mamedow hem-de «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary A.Orazow gatnaşdy.
Maslahata Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Italiýa Respublikasyndan, Fransiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystandan, Şweýsariýadan türkmen topragynda ýerleşýän gadymy Margiana siwilizasiýasyny öwrenýän belli tanymal alymlar gatnaşyp, gadymy Margiananyň gözbaşynyň gelip çykyşy hem-de täze toplanan ylmy maglumatlar boýunça pikir alyşdylar.
Meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan üsti açylan Margiana Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda hem gadymy Margiananyň dünýädäki meşhurlygy gülläp ösen döwründäkisinden pes däldir. Çünki gadymy Margiana häzirki wagtda-da dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde.
Çeşme: medeniyet.gov.tm