Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime ýüpek haly sowgat berildi

13

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Plenar mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de belent mertebeli myhman ilki Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilýona bardylar. Bu ýerde kompaniýanyň wekili hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin taslamalaryň barşy barada giňişleýin maglumat berdi.
Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Malaýziýanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň giň möçberli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir. Sergide ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň pawilýonlary wekilçilik etdi. Olarda nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.
Şeýle-de, gözden geçirilişde Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Aragatnaşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň diwarlyklary-da ýerleşdirilip, olarda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri görkezildi.
Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri telekeçi zenanyň diwarlygyny synladylar. Telekeçi zenan belent mertebeli myhmana alyp barýan işleri, türkmen halysynyň aýratynlyklary, taryhy, görnüşleri we ony dokamagyň usullary barada gürrüň berdi. Ol myhmany sarpalamagyň halkymyzyň asylly däpleriniň biridigini aýtdy hem-de Anwar Ibrahime elde dokalan ýüpek halyny sowgat berip, ony belent mertebeli myhmana gowşuryp bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Şeýle-de telekeçi zenan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize elde dokalan haly horjuny sowgat hökmünde gowşurdy.