Dünýä Kubogynda “D” toparçada iki toparyň çempionatdaky ykbalyny kesgitleýän oýunda Günorta Amerikanyň wekiliniň döwi rüstem çykdy. Salwadorly Iwan Bartonyň eminlik eden oýnunda Türkiýe bilen Paragwaýyň ýygyndylary duşuşdy. 2 topar hem 1-nji oýunda garşydaşlaryndan asgyn gelipdi. Çekeleşikli geçen oýnuň eýýäm 2-nji minutynda, has takygy, 64-nji sekundynda Paragwaýyň ýygyndysy Matias Galarzanyň uzakdan uran goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Ondan soň türkler eden hüjümleri oňyn netije bermedi. Hatda 45+3-nji minutda Almiron täze düzgüne görä, agzyny ýapyp gürläniň üçin emin tarapyndan gyzyl kart alyp, Paragwaý 2-nji ýarymy 10 bolup oýnady. Ýöne muňa garamazdan, Türkiýäniň ýygyndysyna iň bolmanda, hasaby deňläp, ýaryşda galmak mümkinçiligine ýetmek hem miýesser etmedi.
Netijede, 1-0 hasabynda asgyn gelen Türkiýäniň ýygyndysy Gaitiniň ýygyndysyndan soň çempionat bilen hoşlaşan 2-nji topar boldy. 2 oýunda 60-da gowrak urgy geçiren Türkiýäniň ýygyndysy 24 ýyldan soň gatnaşan çempionatynda häzirlikçe gol hem geçirip bilmedi. Netijede, Türkiýäniň ýygyndysynyň toparçada 3-nji orny eýelemek mümkinçiligi galmady we 26-njy iýunda toparçanyň lideri ABŞ-nyň ýygyndysy bilen 3-nji oýnuny oýnar.
PDF









