Dünýä Kubogynda “F” toparçadaky Ýaponiýa bilen Tunisiň arasyndaky duşuşygyň taryhy ähmiýeti bolup, çempionatyň 1000-nji duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. 1930-njy ýylda başlan Dünýä Kubogynyň çägindäki 1000-nji duşuşykda Aziýanyň wekili 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji duşuşykda şwedlerden 5-1 hasabynda asgyn gelip, tälimçisi Sabri Lamuşini wezipesinden boşadan Tunisiň ýygyndysyna täze tälimçi Herwe Renaryň hem kömegi degmedi. Bu taryhy duşuşykda Ýaponiýanyň gollaryny 4-nji minutda Kamada, 31-nji we 83-nji minutlarda Ueda hem-de 69-njy minutda Ýunýa Ito geçirdi. Bu ýeňişden soň Ýaponiýa utugyny 4-e çykaryp, 1/16 finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy.
Ýaponiýanyň ýygyndysy indiki oýnunda 3 utukly Şwesiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.
PDF









