Messi gollar geçirýär, Mbappe hem ondan galanok

8

Ýokary depginde dowam edýän Dünýä Kubogynda garaşylmadyk wakalar hem ýüze çykýar. Fransiýa bilen Yragyň arasyndaky duşuşyga güýçli ýagşyň ýagmagy we ýyldyrymyň çakmagy sebäpli 2 gezek arakesme berildi. 1-njisi Kilian Mbappeniň 14-nji minutda salan golundan soň bolup, duşuşyk fransuzlaryň 3-0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Fransiýanyň gollaryny 14-nji we 54-nji minutlarda Kilian Mbappe geçirdi. Beýleki goly bolsa Usman Dembele derwezä girizdi. Şunlukda, Kilian Mbappeniň Dünýä Kubogynyň çäginde geçiren gollarynyň sany 16-a ýetip, ol Messiden soň Klozeniň rekordyny gaýtalady. Messiden 2 gol yzda barýan Mbappe 15-nji duşuşygynda bu görkezijä ýetdi. Şeýle-de, bu oýun Mbappeniň milli topardaky 100-nji duşuşygy bolup, ol 59-60-njy gollaryny derwezä girizdi.

Fransiýanyň ýygyndysy bu ýeňişden soň 1/16 finala çykmagy başardy. Onuň lider bolup-bolmajakdygy Norwegiýa-Senegal, şol sanda Norwegiýa bilen geçirjek özara duşuşygyna bagly bolup durýar.