Argentinada diňe Messi bar – super ýyldyz Dünýä Kubogynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy

2

Dünýä Kubogy 2026-da “J” toparçada soňky çempion Argentinanyň ýygyndysy bilen Awstriýanyň ýygyndysy duşuşdy. Dallasdaky AT&T stadionynda oýnalan bu duşuşyk iki toparyň arasyndaky ilkinji resmi oýun boldy. Çekeleşikli geçen oýunda Argentinanyň ýygyndysy 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Oýnuň başynda, has takygy, 9-njy minutda müsürli baş emin Amin Omar Lautara Martinesiň garşysyna gödeklige ýol berleni üçin VAR-yň görkezmesi bilen tangoçylaryň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Urgyny ýerine ýetiren super ýyldyz Lionel Messi topy derwezä girizip bilmedi.  Oňa Dünýä Kubogynyň taryhynda 7-nji penaltisinde 3-nji gezek topy dürs urmak başartmady.

Ýöne dünýä futbolynyň super ýyldyzy oýnuň 38-nji minutynda çep aýagy bilen topy batly urup, hasaby açdy. Bu gol taryhy gol bolup, Lionel Messi Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky 17-nji pökgüsini derwezä girizdi. Bu bolsa rekord bolup, Messi Dünýä Kubogynyň iň köp gol geçiren futbolçysy rekordynyň täze eýesi hökmünde tassyklandy. Ol germaniýaly Miroslaw Klozeniň 16 ýyllyk rekordyny täzeledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Lionel Messi Dünýä Kubogy ýaryşlarynda bassyr 6-njy duşuşygynda tapawutlanyp, bu statistikany gaýtalan 3-nji futbolçy boldy.

Oýnuň ahyrynda, ýagny 90+5-nji minutda Lionel Messi ýene bir gezek tapawutlanyp, şol bir duşuşykda öz rekordyny hem täzeledi. 18-nji goluny salan Messiniň milli topardaky gollarynyň sany-da 122-ä ýetdi. Ol bu çempionatda-da 5 gol bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Messi şu çempionatda toparynyň geçiren 5 goluny hem öz adyna ýazdyrdy.

Indiki tapgyra çykmagy başaran Argentinanyň toparçany lideri tamamlap-tamamlamajakdygy Alžir-Iordaniýa duşuşygyndan soň anyk ýagdaýda belli bolar. Bu duşuşykda Alžir ýeňiş gazansa, Argentina toparçany lider tamamlar. Iordaniýa ýeňse-de, olaryň arasyndaky duşuşyk toparçanyň liderini kesgitlär.