Ronaldonyň täze rekordlary we Portugaliýanyň uly hasaply ýeňşi

7

Dünýä Kubogynda “K” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy Hýuston şäherinde çempionatyň debýutanty Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Ýewropalylaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda Portugaliýa 5-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji oýnunda şowsuz netije gazanan Portugaliýanyň ýygyndysy Kongo DR-niň milli topary bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Duşuşykda super ýyldyz Kristiano Ronaldo hem juda şowsuz oýun görkezip, synçylaryň berk tankydy belliklerine sezewar bolupdy. Hatda onuň ätiýaçda oturmalydygyny bellänleriň hem sany az bolmandy. Ýöne 2-nji duşuşykda hem Portugaliýanyň ýygyndysy, hem-de Ronaldo şol belliklere meýdançada başgaça jogap berdi. Garşydaş ilkinji gezek gatnaşýan topar bolsa-da, oýun babatda Portugaliýa öz üstünligini görkezdi.

Oýnuň 6-njy minutynda Kristiano Ronalda tapawutlanyp, hasaby açdy. Ol bu goly geçirmek bilen 6 Dünýä Kubogynda tapawutlanan ilkinji futbolçy bolmagy başardy. Oýnuň 17-nji minutynda özboluşly taktika bilen Nunu Mendeş jerime urgusyndan topy derwezä girizdi. 39-njy minutda Kristiano Ronaldo Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky 10-njy goluny geçirdi. Ýeri gelende bellesek, duşuşygyň 31-nji minutynda özbekleriň geçiren goly oýnuň düzgüni bozulandygy nazarda tutulyp, hasaba alynmady.

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda Ronaldo het-trigini tamamlamak üçin jan aýaman göreşse-de, oňa öz adyndan 3-nji goly geçirmek başartmady. Ýöne 60-njy minutda derwezeçi Nermatowyň awtogoly hem-de 87-nji minutda Rafael Leaonyň gollary bilen hasap 5-0 boldy. Portugaliýanyň ýygyndysy bu ýeňiş bilen utugyny 4-e çykardy.

Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Ronaldo birnäçe rekordyň eýesi boldy. Ol 6 Dünýä Kubogynda gol geçiren ilkinji futbolçy diýen ady eýeläp, super ýyldyz 2006–2010–2014-nji ýyllaryň hersinde 1, 2008-nji ýylda 4, 2022-nji ýylda 1 we bu ýylam häzirlikçe 2 goly derwezä girizdi.

Ronaldo 9 golly meşhur Eýsebiodan öňe geçip, Portugaliýanyň Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky iň netijeli futbolçysy boldy. Ronaldo hem Dünýä Kubogynda, hemem Ýewropa çempionatynda 10 gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başardy. Ronaldo Dünýä Kubogynda dubl eden iň ýaşuly futbolçy adyny hem eýeledi.