Ýaponiýanyň Imperatory Belgiýada

11

Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we imperatoryň aýaly Masako iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 160 ýyllygy mynasybetli Belgiýa Patyşalygyna iki günlük döwlet saparyny amala aşyrýarlar. 23-nji iýunda başlanan saparyň çäklerinde Brýusselde resmi dabaralar, Belgiýanyň syýasy liderleri bilen duşuşyklar we Laken köşgünde döwlet kabul edişligi guralar. Şeýle hem Ýaponiýanyň wekiliýeti Namýur şäherine baryp, «Imec» mikroelektronika ylmy-barlag merkezine, KU Lewen uniwersitetine we Laken patyşalyk oranžereýasyna baryp görer.
Bu sapar Belgiýanyň patyşalyk maşgalasy bilen Ýaponiýanyň imperatorlyk neberesiniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary we iki döwletiň dostlukly hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge gönükdirilendir. Taraplar halkara hukugynyň, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegi, şeýle-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda umumy garaýyşlary eýeleýärler. Häzirki wagtda Belgiýada Ýaponiýanyň 280-den gowrak kompaniýasy üstünlikli işleýär we olar awtomobil gurluşygy, logistika, himiýa senagaty hem-de biotehnologiýalar pudagynda 30 müňe golaý iş ornuny üpjün edýärler. Belgiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy bolsa 1866-njy ýylda gol çekilen Dostluk, söwda we deňizçilik şertnamasyndan gözbaş alýar.