Germaniýanyň Bonn şäherinde «Deutsche Welle» (DW) teleradiokompaniýasynyň guramagynda dünýäniň 110-dan gowrak ýurdundan žurnalistleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny, syýasatçylary we bilermenleri bir ýere jemlän iki günlük Bütindünýä media forumy dowam edýär. 23-nji iýunda öz işine başlan we şu gün paýawlaýan bu çäräniň çäklerinde «Žurnalistika doly ses bilen» (Journalism Out Loud) diýen şygar astynda häzirki zaman žurnalistikasynyň ösüşi, ýalan maglumatlaryň ýaýramagyna garşy göreşmek, emeli aňyň metbugata ýetirýän täsiri, söz we metbugat azatlygyny goramak hem-de demokratik jemgyýetleri berkitmekde garaşsyz habar beriş serişdeleriniň orny ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Halkara çäräniň barşynda çykyş edenler häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlerde jemgyýetçilik pikirine täsir etmek üçin ýalan maglumatlaryň maksatly ulanylýandygyny hem-de tehnologik platformalaryň algoritmleriniň bu ýagdaýy has-da güýçlendirýändigini belleýärler. Şunda žurnalistleriň howpsuzlygyny üpjün etmek we köpçüligiň metbugata bolan ynamyny saklamak häzirki döwrüň iň çynlakaý wezipeleriniň biri hökmünde görkezilýär. Žurnalistika we jemgyýetçilik kommunikasiýalary ulgamynda iň abraýly halkara platformalaryň biri hasaplanýan bu media forumy her ýyl dürli künjeklerden gelen wekilleri bir ýere jemläp, maglumat howpsuzlygy hem-de tehnologik ösüşler boýunça wajyp teklipleri işläp taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.
PDF









