Wersalda ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan täze galereýa açylýar

12

Wersal köşk-muzeý toplumynda ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli täze sungat galereýasy açylýar. Ol 4-nji iýulda öz gapylaryny bu ýere geljekler üçin giňden açar. Bu sergi aýratyn taryhy ähmiýete eýe bolan otaglarda ýerleşdirildi. Bu ýerde patyşalyk döwründe Lýudowik XVI Benjamin Franklini kabul edipdir hem-de Fransiýa 1778-nji ýylda Amerikanyň özygtyýarlylygyny resmi taýdan ykrar edipdir. Täze galereýanyň ekspozisiýasyna muzeýiň öz gaznasyndan alnan ajaýyp suratlar, heýkeller we portretler girizildi. Bu medeni gymmatlyklar Garaşsyzlyk ugrundaky urşuň görnükli syýasy, diplomatik hem-de harby işgärleri bolan Benjamin Frankliniň, Markiz de Lafayetiň we Jorj Waşingtonyň taryhy keşplerine täzeçe baha bermäge mümkinçilik berýär.
Bu medeni taslama taryhy taýdan Pariž bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara goldawyň taryhyny görkezmekde, şeýle hem Fransiýanyň diplomatiýadaky «ýumşak güýjüniň» täsirini dabaralandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Taslamanyň esasy maksady Birinji jahan urşundan soňky ýyllarda dörän taryhy däpleri dowam etdirmekden hem-de Fransiýanyň XVIII asyrda amerikanlara beren goldawyny we iki ýurduň arasyndaky köpasyrlyk hyzmatdaşlygy taryhy gymmatlyklar arkaly görkezmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, bu taryhy mekanda golaýda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň resmi sapar bilen gelen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy kabul edendigi hem-de bu ýerde ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilendigi bellenilýär.