Nepal Ewereste çykanlardan rekord derejede girdeji aldy

2

Nepalyň Hökümeti Ewerest gerşine münüş möwsüminiň jemleri barada hasabatda rekord derejede girdeji alandygyny habar berdi.
Ýagny 2026-njy ýylyň ýaz möwsüminde daşary ýurtly daga münüjilere 495 rugsatnama berlip, 7,8 million amerikan dollary möçberde girdeji gazanyldy. Bu degişli hasabatlylyk ýöredilip başlanandan bäri iň ýokary görkezijidir.
Nepalyň Syýahatçylyk boýunça edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, martdan maý aýyna çenli dünýäniň iň beýik dag gerşine çykmak üçin rugsatnamany 55 ýurduň wekilleri aldy. Iň kän rugsatnama Hytaýyň raýatlaryna berildi – 109 adam. Ondan soňra ABŞ (77), Hindistan (61) we Beýik Britaniýa (32) gelýär.
Şol birwagtda bir günde Ewereste çykanlaryň sany boýunça rekord hasaba alyndy – 20-nji maýda Nepal tarapdan günorta ugur boýunça Ewereste 274 adam çykdy.
Rugsatnamalardan girýän girdejileriň artmagy köp babatda daga münmek bilen bagly nyrhlaryň gymmatladylmagyna dahyllydyr. Geçen ýyl Nepalyň Hökümeti daşary ýurtly daga münüjiler üçin ýygymyň möçberini 11 müň dollar bolanlygyndan 15 müň dollara çenli ýokarlandyrdy. Nepalyň öz raýatlary üçin hem rugsatnama iki esse – 75 müň bolanlygyndan 150 müň nepal rupiýasyna çenli artdyryldy.