Gyrgyzystan we Özbegistan 2030-njy ýyla çenli haryt dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirmekçi

4

Gyrgyzystan we Özbegistan 2030-njy ýyla çenli özara söwdanyň möçberlerini 2 milliard dollara ýetirmekçi. Bu barada iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň 12-nji mejlisinde belli boldy, Çolpon-Atada geçen mejlise Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Adylbek Kasymaliýew hem-de Özbegistanyň Hökümet başlygy Abdulla Aripow gatnaşdylar.
Geçen ýylyň jemleri boýunça iki ýurduň özara söwda dolanyşygy 19 göterim artyp, 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi.
Taraplar şeýle-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, senagaty we ulag aragatnaşygyny ösdürmek barada pikir alyşdylar.