Lukmançylyk maglumatlaryny birleşdirýän halkara platformasy giňeldilýär

3

Portugaliýanyň «Promptly Health» kompaniýasy Latyn Amerikasynyň iň iri lukmançylyk birleşmeleriniň biri bolan «Hapvida NotreDame Intermédica» topary bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Bu ylalaşyk arkaly Ýewropanyň we Braziliýanyň çäklerinde jemi 70 milliondan gowrak adamyň kliniki maglumatlaryny bitewi bir ulgamda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem täze taslama dünýä ylmy jemgyýetçiligi üçin kliniki barlaglary geçirmäge we medisina ylmynda täze subutnamalary ýüze çykarmaga niýetlenen iň iri hem-de dürli görnüşli maglumat binýadyny döretmäge şert açýar.
Häzirki wagtda bu taslama Portugaliýa, Ispaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa we Braziliýa ýaly döwletleriň 400-e golaý hassahanasyny hem-de saglygy goraýyş guramalaryny özara baglanyşdyrýar. Ýörite işlenip düzülen sanly tehnologiýa şahsy we gizlin kliniki maglumatlary başga tarapa geçirmezden, hassahanalaryň arasynda diňe zerur bolan ylmy bilimleri hem-de tejribeleri howpsuz alyşmaga mümkinçilik berýär. Bu başlangyç Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde elektron saglygy goraýyş maglumatlaryny ulanmagyň we alyşmagyň umumy kadalaryny kesgitleýän ýörite düzgünnamanyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän döwri bilen hem gabat geldi. Kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, Braziliýanyň medisina ulgamynyň bu taslama goşulmagy ozal halkara ylmyna elýeterli bolmadyk köp sanly kliniki tejribeleri dünýä derejesinde öwrenmäge we saglygy goraýyşda innowasiýalary ösdürmäge uly goşant goşar.