Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň alymlary käbir guşlaryň Afrikadaky gyşlaýan ýerlerine barýan ýolunda näme üçin müňlerçe kilometr artykmaç aralygy geçýändiklerini anykladylar. «Science» žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijelerine görä, alymlar agramy bary-ýogy 16 gram bolan gara-ala siňekçi guşlaryň Angliýadan başlap, Sibiriň Tomsk şäherine çenli bolan aralykdaky sekiz sany populýasiýasyny öwrendiler. GPS enjamlaryny ulanmagyň mümkin bolmandygy sebäpli, guşlara ýörite kiçijik ýagtylyk sensorlary berkidilip, olaryň üsti bilen migrasiýa ugurlary anyklandy. Barlaglar doglan ýerine garamazdan, bu guşlaryň tas hemmesiniň ilki Gibraltar tarapa, soňra Afrikanyň Günbatar kenary bilen uçup, diňe şondan soň gyşlaýan ýerlerine tarap ugrukýandyklaryny görkezdi. Netijede, Tomskda höwürtgeleýän we Gündogar Afrikada gyşlaýan guşlar iň gysga ýoldan, takmynan, 4,5 müň kilometr artyk, ýagny, jemi 12 müň 700 kilometre golaý aralygy geçýärler.
Hünärmenleriň düşündirişine görä, bu geň galdyryjy ýagdaý soňky buzluk döwründe kemala gelen genetiki ýat we nesil yzarlama häsiýeti bilen baglanyşykly bolmagy mümkin. Şol döwürde bu guşlaryň ata-babalary Pireneý ýarym adasynda ýaşapdyrlar, buzluklar çekilenden soň bolsa olar kem-kemden Ýewropa we Sibire çenli ýaýrapdyrlar. Emma şonça wagt geçse-de, migrasiýanyň gadymy genetiki “maksatnamasy” saklanyp galypdyr we guşlar heniz hem ilki bilen Ispaniýa tarap uçmagyny dowam edýärler. Ýaz paslynda bolsa siňekçi guşlar höwürtgeleýän ýerlerine has gysga we göni ugurlar bilen dolanýarlar. Alymlar yza dolanyş ýolunyň diňe bir nesilden-nesle geçýän aýratynlyklar bilen däl, eýsem, guşlaryň irki ýaşynda doglan ýerlerini ýatda saklamak arkaly gazanan şahsy tejribesi bilen hem kesgitlenýändigini belleýärler. Bu ylmy işiň netijeleri uçup göçýän guşlaryň geljekde yklym üýtgemelerine we ýaşaýyş gurşawynyň giňemegine nähili uýgunlaşjakdygyny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berer.
PDF









