Ýaş nesillerde biologik garrama çaltlanýar

2

Halkara hünärmenleriň geçiren täze ylmy barlaglaryna görä, 50 ýaşdan pes bolan adamlaryň arasynda biologik garrama tapgyrynyň çaltlanmagy soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda ragyň (howply çişleriň) köpelmegi bilen göni baglanyşykly bolup biler. «Nature Medicine» žurnalynda çap edilen barlaglara görä, 1965–1974-nji we 1990–1999-njy ýyllar aralygynda doglanlaryň öýjük we molekula derejesindäki biologik ýaşy, özünden öňki nesilleriň degişli döwürlerdäki görkezijilerinden ep-esli ýokary bolup çykdy. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu ýagdaý ýaş nesilleriň organizminiň has çalt könelýändigini görkezýär we şol sebäpli hem ýaş adamlarda dörän ragyň irki basgançaklarynyň sany ýokarlanýar.
Häzirki wagtda tutuş dünýäde raga ýolukýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. «British Medical Journal» (BMJ) neşiriniň maglumatlaryna görä, 1990-njy ýyldan bäri 50 ýaşdan pes bolan adamlarda ragyň ilkinji gezek anyklanma görkezijisi dünýä derejesinde 79 göterim ýokarlanandyr. Şeýle hem Ýewropa rak maglumatlar ulgamynyň (ECIS) hasabatlaryna görä, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda hem bu keselçilik ýokary bolmagynda galýar. Alymlar bu ýagdaýyň anyk sebäplerini doly kesgitlemediler, emma çalt taýýarlanýan we aşa gaýtadan işlenen azyk önümleri, alkogol, semizlik, çilim çekmek hem-de mikroplastikleriň organizme ýetirýän täsirini esasy töwekgelçilik şertleri hökmünde görkezýärler. Alnan täze ylmy netijeler daşky gurşawyň, durmuş ýörelgeleriniň we umumy saglyk ýagdaýynyň adam bedenindäki biologik amallara uzak möhletleýin täsir edýändigini subut edýär hem-de geljekde bu ugurda has çuňňur barlaglaryň geçirilmegini talap edýär.