Ilkinji 1/8 finalçy ýer eýeleri Kanada boldy

15

Demirgazyk Amerikada geçirilýän 23-nji Dünýä Kubogynda utulan-çykdy tapgyryna badalga berlip, mundan soň 90 ýa-da 120 minutyň dowamynda, şol sanda penaltileriň netijesinde utulan toparlar öýlerine gaýdarlar.

Şol öýüne gaýdan toparlaryň ilkinjisi Günorta Afrikanyň ýygyndysy boldy. Ilkinji gezek toparçada çykan Günorta Afrikanyň milli topary 1/16 finalda ýer eýelerinden Kanada bilen duşuşdy. Los Anjelesdäki SoFi stadionynda oýnalan oýunda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Wagtal-wagtal 2 toparam howply hüjümleri geçiren hem bolsalar, gol 90-njy minutdan soň derwezä girizildi. Hemmeleriň 90 minutyň golsuz tamamlanaryna garaşyp oturan pursadynda, ýagny 90+2-nji minutda jerime meýdançasynyň daşyndan batly urgy bilen Stefen Euştakiu öz adyna ýazdyrdy. Galan minutlarda afrikalylara hasaby deňlemek başartmady.

Şunlukda, 1-0 hasabynda üstün çykan Kanadanyň ýygyndysy 3-nji gezek gatnaşýan çempionatynda ilkinji ýola 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy. Kanadanyň 1/8 finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Marokko bolar.

Günorta Afrikanyň milli ýygyndysynyň belgiýaly tälimçisi Hugo Bros Dünýä Kubogynyň pleý-off tapgyryna gatnaşan iň ýaşuly tälimçi diýlip bellige alyndy (74 ýaş 79 gün).