Demirgazyk Amerikada geçirilýän 23-nji FIFA Dünýä Kubogynda utulan toparlaryň öýüne gaýdýan tapgyry ýokary depginde dowam edýär.
Dünýä Kubogynyň ählisine gatnaşan ýeke-täk ýygyndy, Dünýä Kubogynyň 5 gezek eýesi Braziliýanyň ýygyndysy 1/16 finalda Ýaponiýa bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda 29-njy minutda ýaponlar Kaişu Sanonyň jerime meýdançasynyň daşyndan ýerden batly uran goly bilen öňe saýlandy.
Sambaçylar bu gola 1-nji ýarymda jogap berip bilmediler. 2-nji ýarymda, has takygy, 56-njy minutda Kazemiro kelle urgusy bilen topy derwezä girizip, hasaby deňledi. Hemmeler duşuşygyň esasy wagtynyň şu hasap bilen tamamlanmagyna garaşyp otyrka, edil GAR-Kanada duşuşygynda bolşy ýaly, 90+5-nji minutda oýna soň giren Gabriel Martinelli brazilleri öňe geçirdi. Bu gola aziýalylaryň jogap bermegi üçin wagt ýeterlik bolmady. Şunlukda, Braziliýanyň ýygyndysy 1/8 finala adyny ýazdyrmagy başardy.
Ýaponiýa bolsa ýene-de özlerinden garaşylyşyndan ir (köpler iň bolmanda, çärýek finala garaşýardy) çempionat bilen hoşlaşdylar.
Olara bassyr 3-nji gezek toparçadan çyksa-da, pleý-off tapgyrlarynyň ilkinjisini geçmek ýene bir ýola başartmady.
PDF









