Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki taraplaýyn gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarýan bilelikdäki Jarnama gol çekdiler. Gruziýanyň Hökümetiniň diwanynyň berýän maglumatyna görä, taraplar bu resminama iki ýurduň hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekişdiler.
Munuň bilen birlikde, resmi duşuşygyň çäklerinde Gruziýanyň we Gazagystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Şeýlelikde, taraplar medeniýet, maglumat tehnologiýalary we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli Ähtnamalary tassykladylar.
PDF









