«Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi

3

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bina edilen “akylly” şäheriň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Maslahat başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň häkimliginiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda dürli önümler we işläp taýýarlamalar görkezildi. Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara baýraklary hemmeleriň ünsüni çekdi.
Dabaraly maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda döwrebap binagärligiň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni durmuşynda möhüm wakadygyny belläp, hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. “Täsin gözelligi, kämil tehnologiýalary we milli binagärlik aýratynlygy bilen bütin dünýäde ykrar edilen Arkadag şäheri döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, belent abraýyny alamatlandyrýar. Geçen üç ýylyň dowamynda Arkadag şäherine «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri, ekologiýa derejesi boýunça ýokary görkezijilerini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň hem-de sylaglaryň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr” diýlip, Gutlagda nygtalýar. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar. Şunda nurana geljegimiziň nyşany bolan Arkadag şäheriniň abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda şamçyrag bolmagy arzuw edildi. Päk arzuwlaryň dabaraly maslahata gatnaşyjylara ýetirilen hoş habar bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Habar berlişi ýaly, şu gün Ahal welaýatynyň gallaçy daýhanlary bereketli bugdaý hasylyny ýetişdirip, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Maslahata gatnaşyjylar hoş habary uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.
Çykyşlarda kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidigi nygtaldy. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň, dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin oňaýly şertleri üpjün edýär.
Mälim bolşy ýaly, «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary ýokary depginde alnyp barylýar. Onuň çäklerinde diňe bir durmuş düzümli desgalar däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalary hem ulanmaga berler. Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda bolsa çagalar dynç alyş seýilgähini, metjidiň gurluşygyny we beýlekileri görkezmek bolar. “Şäherde gurulýan döwrebap metjidiň halkymyzdan gelip gowşan köp sanly haýyşlardyr teklipler nazarda tutulyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy bu mekanda sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygyny, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär” diýip, çykyş edenler aýtdylar we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri haýyr-sahawat işleriniň dabaralanýan merkezine öwrüldi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler uly dabaralara, çuňňur many-mazmuna beslendi.
Çykyşlarda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 336 sany döwrebap binanyň ulanmaga berlendigine, şolaryň hatarynda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalaryň, sport merkezleriniň, inženerçilik ulgamlarynyň bardygyna üns çekildi. Ekologiýa taýdan arassa “akylly” şäherde elektrik awtobuslar we awtoulaglar, “akylly” duralgalar hereket edýär. Teleýaýlymdyr gazet ýaly ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işe girizilip, adybir futbol topary döredildi. “Arkadag” futbol toparynyň milli we halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýol-ulag düzümi döredildi. Giň şaýollar, köçeler häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 5G tehnologiýasy işe girizildi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy. Belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyryp, hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize bolan hoşallygyň beýanyna öwrüldi.
Soňra Arkadag şäherindäki “Märkaw” medeni-dynç alyş merkezinde uly toý sadakasy berildi. Köp sanly myhmany bir ýere jemlän toý sadakasy Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna hem-de halkdan gelip gowşan köp sanly haýyşlaryň we teklipleriň nazarda tutulyp, döwrebap şäherde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagynyň biragyzdan goldanylmagyna bagyşlandy.
Sadakanyň dowamynda tebärek çykylyp, tagam dadylandan soň, aýat-töwir okaldy. Onda Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň nurana geljeginiň bähbidine alnyp barylýan döwletli işleriň hemişe üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.
Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli dabaralar, dürli çäreler şäheriň ähli künjeklerini gurşap alyp, olaryň ählisi şatlykly pursatlara beslendi. Olarda joşgunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.