Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ozal­ky Baş sek­re­ta­ry we pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si Ko­fi An­nan Şweý­sa­ri­ýa­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­de 80 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Ko­fi An­nan 1997-nji ýyl­da BMG-niň Baş sek­re­tar­ly­gy­na saý­la­nyp­dy. 2001-nji ýyl­da bol­sa, pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na eýe bo­lup­dy.
Ko­fi An­nan BMG-niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­sin­den soň­ra gu­ra­ma­nyň ýö­ri­te we­ki­li bo­lup iş­le­di. Şeý­le hem Nel­son Man­de­la­nyň dö­re­den Ýa­şu­lu­lar gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk et­di. Ol Ga­na­da aris­tok­rat maş­ga­la­da dün­ýä inip, go­wy bi­lim al­dy. Il­ki­baş­da öz ýur­dun­da, soň­ra ABŞ-da we Şweý­sa­ri­ýa­da bi­li­mi­ni do­wam et­dir­di. 1962-nji ýyl­dan soň­ra BMG-niň dür­li dü­züm­le­rin­de iş­le­di.
Ko­fi An­nan BMG-niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­sin­de iş­län döw­rün­de ga­ryp­ly­ga we dür­li ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da­ky mak­sat­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi bi­len ta­nal­dy. 2001-nji ýyl­da BMG-de tä­ze dur­mu­şyň baş­la­nan­dy­gy üçin pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na eýe bol­dy.
80 ýa­şyn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň has­sa­ha­na­la­ry­nyň bi­rin­de ara­dan çy­kan Ko­fi An­na­na soň­ky pur­sat­la­ryn­da aýa­ly Neýn we ça­ga­la­ry – Ama, Ko­jo we Ni­na golt­gy ber­di. An­na­nyň ara­dan çyk­ma­gy ze­rar­ly dün­ýä­niň en­çe­me ýur­du­nyň ýol­baş­çy­la­ry gy­nanç ha­ty­ny iber­di. Ko­fi An­nan BMG-niň 7-nji Baş sek­re­ta­ry­dyr (1997-2006). Af­ri­ka­da dog­lan we bu we­zi­pä­ni eýe­län il­kin­ji ga­ra­ýa­gyz ýol­baş­çy­dyr. Ol bu gu­ra­ma­nyň iş­gä­ri hök­mün­de ýol­baş­çy we­zi­pe­si­ne saý­la­nan il­kin­ji sy­ýa­sat­çy­dyr.
BMG-niň hä­zir­ki Baş Sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş Ko­fi An­na­nyň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­na go­wu­ly­ga ta­rap ýol gör­ke­zi­ji hök­mün­de ýo­ka­ry ba­ha be­rip, onuň tu­tuş adam­za­dyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy ug­run­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­nyň ulu­dy­gy­ny bel­le­di.
Ko­fi An­nan 1938-nji ýy­lyň 8-nji ap­re­lin­de Ga­na­nyň Ku­ma­si şä­he­rin­de do­gul­ýar. “Ko­fi” sö­zi onuň dog­lan maş­ga­la­sy­nyň et­ni­ki to­pa­ry­nyň di­li­ne gö­rä, “an­na gü­ni dog­lan” ma­ny­sy­ny ber­ýär. An­nan Ku­ma­si şä­he­rin­dä­ki yl­my-teh­ni­ki uni­wer­si­tet­de bi­lim al­ýar, soň­ra ABŞ-nyň Min­ne­so­ta şta­ty­nyň Sent-Po­l şä­he­rin­dä­ki Ma­ka­les­ter kol­le­jin­de yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça bi­li­mi­ni do­wam et­dir­ýär we Şweý­sa­ri­ýa­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra bar­lag­lar ins­ti­tu­tyn­da hem oka­ýar. 1972-nji ýyl­da ABŞ-nyň iň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň do­lan­dy­ryş ug­ry bo­ýun­ça ma­gistr de­re­je­si­ne eýe bol­ýar.
Ol BMG-dä­ki iş dur­mu­şy­na 1962-nji ýyl­da Že­ne­wa­da­ky Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň býu­jet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça eda­ra­sy­nyň iş­gä­ri hök­mün­de baş­la­ýar. 1974-nji ýyl­da BMG-niň Ýa­kyn Gün­do­gar­da­ky adat­dan da­şa­ry güýç­le­ri­niň ra­ýat iş­gär­le­ri gul­lu­gy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. 1976-80-nji ýyl­lar­da Bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sar­ly­gy­nyň iş­gär­ler bö­lü­mi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär.