Türkiýäniň Halk oýunlary federasiýasynyň guramagynda 5 müň milli egin-eşikli tansçy tarapyndan ýerine ýetirilen horon folklor oýny Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Stambulda geçirilen çäräniň öň ýanynda rekordlar kitabynyň wekili Şeýda Subaşy gatnaşyjylary degişli düzgünler bilen tanyşdyrdy. Soňra bolsa, tansçylar 3 minutlap ýurduň Gara deňiz sebitinde gadymdan bäri ýerine ýetirilýän horon milli tansyny ýerine ýetirdiler. Tans tamamlanandan soňra Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri rekord synagyna baha berdiler we onuň şowly bolandygyny bellediler.
Horon Gündogar Gara deňiz sebitine mahsus bolan, tulum ýa-da kemençe saz gurallarynyň çalynmagy bilen oýnalýan tans bolup, gatnaşyjylar el tutuşyp, hatara düzülip ýa-da döwre gurap oýnaýarlar. Horon tansynda, esasan, aýak hereket edýär.
PDF









