Şu ýylyň birinji ýarymynda halkara derejesinde kompaniýalaryň arasynda satyn alyş we hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30% artyp, 2,6 trillion amerikan dollaryna ýetdi. «Bloomberg» tarapyndan taýýarlanan maglumata görä, 6 aýda bahasy 10 milliard dollardan ýokary bolan jemi 38 şertnama gol çekilipdir. Bu görkeziji 6 aýda hasaba alnan iň ýokary görkeziji bolupdyr. Bilermenler şu ýylyň şertnamalar babatda rekord goýuljak ýyl boljakdygyny belleýärler. Azyk senagaty, energiýa, bank-maliýe ulgamy ýaly dürli ugurda birnäçe şertnama gol çekilipdir.
«NextEra Energy» kompaniýasy «Dominion Energy»-ni 67 milliard amerikan dollaryna satyn almak üçin ylalaşdy. Bu ylalaşyk energiýa pudagyndaky iri şertnamalaryň biri bolupdyr. «AvalonBay Communities» bilen «Equity Residential» kompaniýalarynyň arasyndaky bahasy 50 milliard dollardan geçýän şertnama bolsa, gozgalmaýan emläk pudagyndaky uly geleşikleriň biri hökmünde hasaba alyndy. Azyk önümçiligi bilen meşgullanýan «Unilever» bolsa, «McCormick & Co.» kompaniýasyny 45 milliard dollara satyn alypdyr.
Kuwwat Hudaýgulyýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
PDF









