Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

17

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň Duşenbe şäherinde geçiriljek ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr. Mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada 3-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.