Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary

12

3-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi.

Tähranyň iki goňşy döwletiň baýdaklary bilen bezelen “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Serwestan” köşgüne ugrady. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Prezident Masud Pezeşkian belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Milli Liderimiziň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň Prezident Masud Pezeşkiana iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Goňşy ýurduň döwlet Baştutany hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly we işjeň häsiýetine ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşdy.
Mohammad Galibaf türkmen halkynyň Milli Liderini eýran topragynda mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýetini belledi.
Hormatly Arkadagymyz türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýän döwletara dialogyň häzirki ýokary derejesini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýranyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde belläp, parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Söhbetdeşler türkmen we eýran halklarynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Teleradiogepleşikler guramasynyň žurnalistiniň sowallaryna jogap berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna saparynyň dowamynda eýran tarapynyň haýyşy boýunça Eýranyň Teleradiogepleşikler guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Asyrlarboýy goňşy ýaşap, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan iki doganlyk halky medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Munuň özi syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Aýatolla Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresine gatnaşdy
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy matam çäresiniň geçiriljek ýerine — Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi. Metjitde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Hormat garawulynyň ýerine ýetirmeginde resmi saz çalyndy. Soňra mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy.
Gahryman Arkadagymyz merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Biribardan merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi.
Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.