Ýurdumyzyň býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär

2

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini hem-de býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, Türkmenistany senagat-innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär, makroykdysady durnuklylyk üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, döwrebap önümçilik, durmuş maksatly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti ösdürmek we býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.